YKDYSADYÝET

Nebitçileriň suwa bolan islegi kanagatlandyrylýar

 «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileriniň, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen şu ýylyň geçen alty aýynda nebitçilere sargytlar boýunça ýetirilen suwuň umumy möçberi 2 million kub metrden geçýär. Konserniň suw üpjünçilik müdirligi tarapyndan gürrüňi edilýän döwürde kärhana boýunça müşderileriň sargytlaryna görä çykarylan suwuň möçberi 87 müň kub metre golaýlady. Bu görkeziji konserniň burawlaýjylarynyň, uglewodorod çig maly çykaryjylarynyň hem-de beýleki önümçilik düzümleriniň suwa bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylýandygyny aňladýar.

Kärhananyň hünärmenleri ýataklardaky dik guýularyň, şeýle hem Hazar deňziniň suwuny önümçilik maksatly işlere öz wagtynda ýetirmek bilen çäklenmän, Ýasga ýerasty kölünden we Ekerem deňiz suwuny süýjediji desgalar toplumyndan alynýan agyz suwuny nebitçileriň ýaşaýan şäherçelerine, zähmet çekýän meýdançalaryna turba geçirijiler arkaly ýetirmekde hem uly işleri alyp barýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: