YKDYSADYÝET

Türkmenistanda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: