BILIM

Şu ýyl Türkmenistanda talyplaryň halkara olimpiadalary geçiriler

Şu ýyl Türkmenistanda talyplaryň arasynda halkara olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. 23 — 28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: