JEMGYÝET

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 20-nji martynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary  ýurdumyzyň özboluşly taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler, şeýle hem syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: