JEMGYÝET

Türkmenistanda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi

Üstümizdäki ýylyň tamamlanmagyna sanly gün galanda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň nähili atlandyryljakdygy belli boldy. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi ýörite Karar kabul etdi.

Resminamada «her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen», şeýle karara gelinendigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: