JEMGYÝET

 «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde Täze ýylyň öň ýanynda hyzmatlar ýokary derejede guralan

Şu günler Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli söwda we beýleki hyzmatlar dowam edýär. Raýatlar, aýratyn hem, maşgala bolup dynç alýarlar, dükanlarda baýramçylyk söwdasyny edýärler, kafede we beýleki ýerlerde dynç alýarlar.

«Lebap» söwda dynç alyş merkezi hemişe-de köp adamly bolýar. Bu günler bolsa bu ýerde aýak basara ýer ýok. Biri baýramçylyk sowgatlaryny alýan bolsa, beýlekisi maşgala agzalary bilen kafede dynç alýar. Çagalar bolsa attraksionlarda oýnaýarlar. Telekeçiler bu güne gowy taýýarlykly gelipdirler. Olar dükanlaryny baýramçylygyň öň ýanyndan uly isleg bildirilýän harytlardan doldurypdyrlar. Jemgyýetçilik iýmitini guraýan telekeçiler bolsa müşderilerine beýlekiler bilen bir hatarda Täze ýyl tagamlaryny hem hödürleýärler.

Şeýle hyzmatlar welaýatyň ähli ýerlerinde hem ýola goýuldy. Hususanda, Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda mekdep okuwçylarynyň dynç günlerinde çagalar üçin ýörite spektakllary görkezerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: