YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda indiki ýylyň ýaz ekişine taýýarlyk görülýär

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşikleriniň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda, şonuň ýaly-da daýhan birleşiklerinde bar bolan tehnikalary ýaş ekişine taýýarlamak dowam edýär.

Geljek ýylda daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryna gowaça ekijileriň 300-e ýakynyny çykarylmagy meýilleşdirilýär. Etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleriniň tagallalary bilen bilen olaryň aglaba bölegi bireýýäm taýýarlyk hatarynda goýuldy. Bu işde Çärjew, Saýat, Halaç, Dänew, Hojambaz etraplarynyň kärhanalarynyň işgärleri ýokary işjeňlik görkezýärler. 1 müňden gowrak kultiwatorlaryň 90 göterimi eýýäm abatlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: