JEMGYÝET

Türkmenistanda 2-nji ýanwar dynç güni diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň Permany bilen 2023-nji ýylyň birinji dynç alyş gününi indiki duşenbe gününe geçirdi.

Bu Perman Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda kabul edildi. Onda: «Işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra güni dynç güni (ýekşenbe) bilen gabat gelende, dynç güni baýramçylyk ýa-da hatyra gününden soň gelýän iş günüdir» diýliň kesgitlenilýär. 1-nji ýanwar bolsa ýekşenbe gününe gabat gelýär.

Resminamada şu Permanyň ýerine ýetirilmegi, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan üpjün edilmelidigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: