YKDYSADYÝET

«Datly şerbet» kärhanasy täze önümçiligi ýola goýdy

«Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň «Datly şerbet» kärhanasy üsti örtükli şekeladlaryň we miwe marmeladlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

Bu iki sany täze önümçilik sehiniň işe girizilmegi bilen mümkin boldy. Indi kärhanada ýokary hilli konditer önümleriniň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. Olaryň arasynda «Altyn pamyk», «Zemin», «Sarwan», «Aryjyk», «Goňur», «Uçgun», «Şowhun» we beýlekiler bar.

Kärhananyň önümleri içerki bazara, şonuň ýaly-da Özbegistana, Täjigistana we Owganystana ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: