JEMGYÝET

Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalary açyldy

Ahal welaýatynyň Gökdepe, Tejen, Bäherden etrap polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklarynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalary açylyp, ulanylmaga berildi. Bu barada «Ahal durmuşy» gazetinde habar berilýär.

Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň şeýle täze, döwrebap edara binalarynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny ýokary hil derejesinde gözden geçirmäge, anyklamaga, şeýle-de polisiýanyň ýol gözegçiligi gulluklarynyň işgärlerine öz işlerini ýokary talaplara laýyklykda alyp barmaga giň mümkinçilikleri berýär. Täze desgalarda ýeňil we ýük awtoulaglaryň hem-de ulag tirkegleriniň tehniki taýdan guratlygyny barlamak üçin ähli şertler döredilipdir. Olarda dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň kämil tehniki enjamlary, ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylandyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: