JEMGYÝET

Döwletliler köşgüniň çagalaryna Täze ýyl sowgatlary gowşurylar

22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary hem-de 2024-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, täze, 2024-nji ýylyň birinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsi sowgatlary alar.

Täze ýyl baýramçylyk dabaralary çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde guramaçylykly geçirilýär. Körpelere we ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişi, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurduň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegi hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: