YKDYSADYÝET

Türkmenistan ýene 6 sany «Boeing» satyn alar

Türkmenistan ýakyn geljekde «Boeing» uçarlarynyň ýene-de 6 sanysyny satyn alar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan satyn alynjak täze uçarlaryň dördüsi «Boeing 737-8», ikisi bolsa «Boeing 777-367/ER» kysymly uçarlar bolar.

Bu resminamalara Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň 5 aýyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde gol çekildi.

Täze uçarlaryň gelip gowuşmagy bilen Türkmenistanda içerki we halkara uçuşlarynyň sanynyň has artdyrylmagyna garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: