YKDYSADYÝET

Türkmenistan: lebaply telekeçiler et önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň telekeçileri üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda 19 tonna 100 kilogram et öndürdiler. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bir tonna ýakyn köpdür.

Welaýatda et üçin mal ýetişdirmek bilen 70 telekeçi meşgul bolýar. Olaryň fermalarynda iri şahly mallaryň 4160-dan, maýda mallaryň 7360-dan gowragy idedilýär. Olar ýetişenlerinden bazaryň talaplaryndan ugur alnyp, ete tabşyrylýar. Bu bolsa içerki bazaryň hemişe ilatyň talap edýän möçberinde et bilen üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Hususyýetçilere döwlet tarapyndan ýer bölekleriniň bölünip berilmegi bolsa şahsy fermalaryň ot-iým bilen üpjün etmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Telekeçiler olarda öz talaplaryna laýyk gelýän otlary we iýmlik ösümlikleri gerek mukdarda ekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: