JEMGYÝETYKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümi başlandy

Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň atyzlarynyň birinde Lebap welaýatynda pagta ýygym möwsümine badalga berildi. Öňden gelýän däbe görä, ýaşulular pagta ýygymyna ak pata berdiler we täze hasylyň ikinji kilogramlaryny ýygdylar.


Onuň ozalyndan welaýat häkimliginde welaýatyň, etraplaryň daýhan birleşikleriniň, agrosenagat toplumynyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda öňde duran pagta ýygymy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýyl welaýatyň pagtaçylary 130 müň gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirdiler we ondan 320 müň tonna gymmat bahaly çig mal ýygyp almagy meýilleşdirýärler.
Hasylyň köp bölegini maşynlaryň kömegi bilen ýygmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin 250-den gowrak «МХ—1,8» we «Jon Deere» kysymly pagta ýygýan kombaýnlar taýýarlyk hatarynda goýuldy. Ýakynda welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine «Jon Deere» kysymly pagta ýygýan maşynlaryň täze tapgyry hem gelip gowuşdy.
Ýygnalan pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 46-synda kabul ediler. Hemişe bolşy ýaly, bu ýylyň hasyly hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-sinde gaýtadan işleniler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply