SUNGAT ADAMLARY

Mamed Guseýnowyň sazlarynda Gündogaryň nagyşlary

Mamed Guseýnowy – häzirki zaman sazçylyk sungatynda aýratyn ajaýyp şahslaryň biri hökmünde aýtmak bolýar. Ol özüniň sazçylyk – jemgyýetçilik işinde pianinoçynyň, mugallymyň, kompozitoryň, N.Halmamedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly türkmen klassiki sazynyň Moskwanyň halkara festiwalynyň art direktory we düýbüni tutujynyň işini netijeli sazlaşdyrýar. Onuň sazçylyk žanrlarynyň we tematikasynyň köpdürliligi mylaýym heňli güllerden bogulan täsin çemeni emele getirýärler. Onuň eserleriniň atlaryna üns bereliň: “Parfiýa freskalary” kwartet №1, ses üçin trio, skripka we fortepiano üçin “Gülleýän sakuranyň hoşboý ysy”, fortepiano üçin pýesa – fantaziýa “Balkan eskizleri”– bular awtoryň sazlarynyň mazmuny bilen örän gowy sazlaşýar. Türkmen folklor sazlary bilen baglanyşýan ýiti günbatar – nagyşly melodiýalar, doly näziklik we yhlasly hyjuw polistilistikanyň elementlerini suratlandyrýar. Bu eserlerň her bir saz jümleleri täsinlik bilen duýulýan örän ýakymly arzuwlar bilen baýlaşdyrylandyr we olar aşa ýiti mähirliligi ýaýradýar. Bu eserleri diňläp, mende bu awtoryň döredijiligi bilen tanyşmaklyk islegi döredi. Şeýlelik bilen, biziň duşuşygymyzda Mamed Guseýnow özi we öz döredijilik işi barada gürrüň berdi.

 

Mamed Guseýnow Aşgabatda internasional maşgalada eneden dogulýar. Onuň ähli ýakyn garyndaşlary durmuşyň dürli sebäplerine görä Türkmenistana gelipdirler. Babasy – ejesiniň kakasy milleti boýunça türkmen, ony türkmen halkynyň döredijilik mirasy, türkmen halk sazandalarynyň, bagşylarynyň sungaty bilen tanyşdyrýar. Ol türkmen medeniýetine uly gyzyklanma bilen garapdyr, nepis halylaryna,  gelin-gyzlaryň dakynýan şaý-seplerine haýran galypdyr, Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi bilen gyzyklanypdyrlar. Özüniň türkmen sungatyna bolan çyn söýgüsini ol Mameda hem geçiripdir. Onuň çagalyk döwründäki ýatlamalarynda, Türkmenistan – bu bütin tomus, gyzgyn howa, ýalaňaç aýaklary bişirýän yssy toprak, şirin tagamly gawunlar we gyzgyn çörek…

 M.Guseýnowda saza bolan gyzyklanma ýaşlykda döräpdir. Öýde fortepiano saz guraly bolupdyr we ol ondan sazlaşyksyz owazlary çykaryp klawişalaryna basyp oýnamagy halapdyr. Bäş ýaşynda wagty ene-atasy oňa repetitor tutýar we çaga harplary okamakdan öňürti notalary okamagy öwrenipdir. Özüniň ilkinji eserini 9 ýaşynda ýazypdyr. Maşgalasy Nebitdaga göçenden soňra P.I.Çaýkowskiý adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Okuw jaýynyň gadymylygy we mekdebiň zalynyň akustikasy örän ajaýypdy. Diwarda suratkeş Ýa.Buslawskiý tarapyndan döredilen görnükli kompozitorlaryň portretleri asylypdyr. Şeýle bolýar, ýagny, suratkeşiň gyzy – tanymal mugallym Lýudmila Buslawskaýa Türkmenistana gelýär we Mameda onuň bilen tanyşmak nesip edýär. L.Buslawskaýa M.Guseýnow bilen saz sapaklaryny geçip başlaýar we onuň her bir sapagy saz äleminde täze bir çäkleri açýar. Bu mugallymyň kömegi bilen ol N.Rimskiý – Korsakow adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň çägindäki Sankt – Peterburg ýörite sungat mekdebine okuwa girýär.

17 ýaşynda ol ýyly Türkmenistandan sowuk Peterburga düşýär we bu onuň üçin uly synag bolýar. Bu onuň sazçylyk ýolunda ilkinji mekdep bolman, eýsem, onuň durmuşynda hem ilkinji mekdep bolupdyr. Sankt – Peterburg – bu ajaýyp skulpturalary we binagärligi, owadan arasy açylýan köprüleri we ajaýyp çüwdürimleri, täsin binalary we ybadathanalary bolan şäherdir. Şeýle hem ol ruhuňy göterýän, romantiki we owadan gijeli şäherdir. Sankt – Peterburg ägirt uly taryhy we medeni mirasa eýedir. Bu şäheriň ruhy ýaş oglany terbiýeläpdir we kämilleşdiripdir. Mariinyň görnükli teatry özüniň özboluşlylygy bilen Mamedi özüne çekipdir. Bu ýerde aktýorlaryň ýerine ýetirýän oýunlaryndan lezzet alypdyrlar, saz diňläpdirler we dünýä medeniýetine aralaşypdyrlar. Kollejde “Bütindünýä döredijilik medeniýeti” dersinden Tatýana Solodkowa örän gowy ders beripdir, ol Welaskesiň we Rembrandtyň ajaýyp nusgalary barada içgin gürrüň beripdir, onuň bu gürrüňlerinden ruhlanan talyplar dessine olary Ermitažda görüpdirler.

 

Peterburgyň mugallymlary – ýokary derejeli edermenlerdir. Meselem, Wladimir Çernyşew tanymal pianinoçy we organçy W.Nilsenyň uçurymy bolupdyr we ol Mameda hünärden 1,5 sagatdan hepdäniň dowamynda 5 gezek sapak goýupdyr, görkezilen iki sapak 45 minutdan bolupdyr. Bir gezek talyp ýadapdyr we ol öýüne gidip dynç almak isläpdir, şonda onuň halypasy: “Iň gowusy teatra gidip dynjyňy al, wagtyňy boş geçirme, hadysalar durmuşyň peşgeşidir, olaryň deňinden geçip gitme” diýip, maslahat beripdir.

Kompozitoryň ýatlamasyna görä: “Peterburgyň Mari teatrynda Rihard Wagneriň dört operadan ybarat bolan “Nibelungyň ýüzügi” atly toplumyny görkezipdir. Teatrda sahna oýunlary 18:00 – da başlapdyr we 00:30-da gutarypdyr we jemgyýetçilik transporty hereket etmändir… Men öýe ýetmek üçin köp pyýada ýöremeli bolýardym, emma teatrda görkezilýän ajaýyp eserler muňa degýärdi. Bu tetralogiýa mende uly täsir galdyrdy…”.

N.Rimskiý – Korsakow adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň çägindäki Sankt – Peterburgyň sazçylyk kollejiniň “fortepiano” bölümini üstünlikli tamamlap (2006), ol Gnesina adyndaky RAM-yň kompozisiýasynda kämilleşmeklik üçin Moskwa gelýär. Köpsanly Bütinrussiýa we halkara bäsleşikleriň laureaty bolýar, şol sanda hem N.Ýurenewa adyndaky Birinji we ikinji bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolýar (Moskwa, 2009, 2010). Fortepaino, kamera-instrumental, wokal sazlarynyň dürli žanrlarynda yhlasly zähmet çekýär we kompozitoryň açyk aýdyň we güýçli özboluşly zehini onuň özi barada habar berýär. Munuň şeýledigine onuň Ýu.Şişakowa adyndaky Bütinrussiýa bäsleşiginde täzeçe sitar-dutar usullaryndan peýdalanyp rus halk saz gurallarynda saz ýerine ýetirmekligi we şol bäsleşikde ýörite baýraga eýe bolmagy (Moskwa, 2009), şeýle hem “Dostlaşyk talantlary” atly III Halkara festiwalynda Fuatta Mansurowa adyndaky baýraga eýe bolmagy (Moskwa, 2015) we ş.m. muňa şaýatlyk edýär.

Doly güýç, energiýa we täze döredijilik meýilnamalary bilen Mamed öz ýeten derejesinde saklanmaýar we ol Gnesinkadan soňra MGPU aspiranturasyny tamamlaýar we pedagogika ylmy boýunça dissertasiýa ýazýar.

Onuň saz eserlerinde awtoryň ideýalary aýdyň görkezilendir –ýagny, özüniň eserlerinde awtor Gündogar dünýäsini görkezýär, bu ýerde esasy dramaturgiýa prinsipi bolup günbatar ýewropa we gündogar medeniýetleriniň özara baglanyşygy we özara baýlaşmasy durýar (“Parfiýa freskalary” kwartet №1, ses üçin trio, skripka we fortepiano üçin “Gülleýän sakuranyň hoşboý ysy”).

 Kompozitoryň sazlarynyň gaýtalanmajak özboluşlylygy klassiki we häzirki zaman, hakyky we romantiki owazlaryň sepleşýän ýerinde ýerleşýändiginden ybarat bolýar. Onuň fantaziýalarynyň hakyky keşdeleri bizi Ýaponiýanyň şahyrana dünýäsine, Parfiýanyň gaýtalanmajak çylşyrymlylygyna alyp gidýär… Ony durmuşyň we ölümiň  filosofiki temasy (S.Ýeseniniň sözlerine düzülen “Sag boluň, dost meniň, sag boluň)”, ýatlama temasy, onuň nesillerinde adamyň dowam etmegi, adamyň içki dünýäsine çuňňur aralaşmak ýaly temalar gyzyklandyrypdyr.

Görnükli türkmen şahyrlary Hajy Kakalyýewiň sözlerine düzülen diptihiň ýazylyş taryhy gyzykly beýan edilýär. Ilki bilen ol, görnükli türkmen aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Roza Turaýewanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol kompozitoryň köpsanly eserleriniň ilkinji ýerine ýetirijisi bolupdyr. Olaryň ýakyndan hyzmatdaşlygy wagtyň geçmegi bilen dostlukly gatnaşyklara öwrülipdir we bir sapar Roza Turaýewa Mameda H.Kakalyýewiň goşgular ýygyndysyny sowgat edipdir. Bu şahyrana döredijiligiň çuňňurlygy, liriki-psihologiki taýdan gönükdirilenligi ony ruhlandyrypdyr. Ol ideýasy taýdan özara baglanyşykly bolan iki sany goşgyny saýlap alypdyr. “Gurýan ýürek” N.Halmamedowa bagyşlanypdyr we beýlekisi “Pygamberlik sesi bar” goşgulardyr we diptih şeýdip döräpdir.

 M.Guseýnowyň döredijiliginiň türkmen çeşmeleri, milli folklor bilen arabaglanyşygy onuň romanslarynda, uly göwrümli eserlerinde aýratynlyk bilen görkezilýär we bu kompozitoryň sungatynyň iň wajyp kanunalaýyklygy hökmünde çykyş edýär. Şunuň ýaly, meselem, awtor özüniň “Türkmen rapsodiýasy” atly eserinde “Bibijan”, “Küştdepdi” ýaly türkmen halk sazlarynyň kämilleşen wariantly-wariasion usulyny, şeýle hem dutar görnüşli fakturanyň kwarto-sekundaly sazlaşygy bilen polifoniki arabaglanyşygyny peýdalanypdyr.

Türkmen klassiki şahyry Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn döredijiligi Türkmenistanyň sungat işgärleriniň birnäçesi üçin ylham çeşmesi bolup durýar. M.Guseýnowyň sazlarynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen eserler aýratyn orna eýedirler. Meselem, soprano üçin, wiolonçel we fortepiano üçin “Ýagşy we ýaman”, Arseniý Tarkowskiýniň terjime etmeginde “Magtymguly Pyragynyň monologlary” monooperasy muňa mysal bolup biler.

M.Guseýnow N.Halmamedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly Moskwanyň Halkara sungat festiwalynyň awtorydyr. Bu sungat festiwalyny ýola goýmakda we geçirmekde M.Guseýnowyň ägirt uly netijeli zähmetiniň bardygyny belläp geçmelidiris.

-“Okuw ýyllarynda men eýýäm türkmen kompozitorlarynyň eserlerini giriş programmasyna goşupdym, – diýip Mamed gürrüň berýär. Biz “Dutaryň owazy” atly festiwaly 2015 ýyldan geçirip başladyk. Emma diňe bir türkmen sazynyň meşhurlygy ýaýramaklyga mätäç däldir, şeýle hem Russiýa sebitleriniň halk kompozitorlarynyň meşhurlygy hem ýaýramaklyga mätäçdir diýen pikir birden aýdyň boldy. Türkmenistanyň, Russiýanyň we beýleki döwletleriň etnomedeniýet däplerine esaslanýan akademiki sazlaryny häzirki zaman sosiumynda alyp eşitdirmek maksady bilen bu taslama Moskwa şäherinde 2015 – nji ýylda amala aşyrylýar. Geçen ýyllaryň dowamynda bu taslama 600-den gowrak sazandalar-ýerine ýetirijiler gatnaşdylar; Armeniýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Sloweniýadan, ABŞ-dan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden gelen horeografiýa we hor toparlary çykyş etdiler”.

Kompozitoryň döredijilik durmuşy we işi onuň şahsy durmuşyndan aýrylmazdyr. Onuň maşgalasynda haýsydyr bir tandem, ýagny iki sany talantly şahslaryň birleşmesi ýüze çykýar: ol – tanymal pianinoçy, kompozitor, onuň aýaly bolsa – Moskwanyň “Gelikon – opera” sazçylyk teatrynyň artistkasy, aýdymçy Darýa Rubanowa. Kompozitor Peterburgda özüniň ruhy joşgunyny – Daşenkasyna duşýar we şol ýerde hem olar baglanyşýarlar. Darýa Rubanowa kompozitoryň aýaly we onuň eserleriniň ajaýyp ýerine ýetirijisidir.

-“Biziň sazandalar maşgalamyz bar, aýalym Darýa “Gelikon – opera” teatrynyň artistkasy, ol birnäçe türkmen sazlaryny ýerine ýetiren ýeke-täk rus aýdymçysy bolsa gerek. Moskwada we Peterburgda türkmen diasporasynyň konsertleriniň hiç biri hem onsuz geçmändir. Meniň dostum – kompozitor Röwşen Nepesow ajaýyp “Wokaliz” ýazýar we ony Darýa bagyşlaýar. Ol bu “Wokaliz”-i 2021-nji ýylda Moskwada Aşgabat şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsertde üstünlikli ýerine ýetirýär. Biziň oglumyz Dariý W.S.Popow adyndaky Hor Sungatynyň Akademiýasynda okaýar, ol dürli görnüşli konsertlere

 işjeň gatnaşýar. Ol “Gelikon – opera” teatrynyň iň ýaş artistidir we eýýäm 4,5 ýyl bäri Dž.Werdiniň “Bal Maskarad” operasynda Ameliýanyň oglunyň we Renatonyň keşbini ilkinji gezek janlandyrýar. Ýaş we geljegi bar bolan pianinoçy hökmünde W.K.Meržanow adyndaky ýaş pianinoçylar bäsleşiginiň Birinji derejeli laureaty boldy”.

Aňyrsy türkmenden gelip çykan rus sazandasynyň, häzirki zaman kompozitorynyň, pianinoçynyň, biziň Watandaşymyz Mamed Guseýnowyň döredijiligi baradaky gürrüňimizi jemlesek, kompozitoryň sazlary biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir. Kompozitoryň: “Durmaň, Dörediň! Synaglary geçiriň, özüňizi döredijilik äleminde tapyň, häzirki zaman türkmen medeniýetiniň kämilleşmegi we gülläp ösmegi hut size baglydyr”, diýen ajaýyp  arzuwlaryny men Türkmenistanyň zehinli, döredijilikli ýaşlaryna – kompozitorlara, şahyrlara, suratkeşlere we režissýorlara ýetiresim gelýär.

  Ýuliýa Jumaýewa, sazşynas

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: