JEMGYÝET

Geljek ýylyň şygary buýsanjymyzy artdyrdy

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl ösüş-özgertmelere beslenen ýyllaryň biri bolup kalbymyza doldy. Sebäbi „Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly“ diýlip atlandyrylan ýylymyzda gurlup, halkymyzyň hyzmatyna ulanylmaga berlen ajaýyp binalar, desgalar, kärhanalar hakykatdan hem Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň eşretli geljegi ugrunda içgin aladalanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup, halkymyzyň buýsançly başyny Göge diredi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet ýolbaşçysy wezipesine girişenden soňra ata Watanymyz Türkmenistan tanalmaz derejede ösgerdi, ösdi. Şäherlerimiz bilen bir hatarda obalarymyz hem ajaýyp keşbe girdi. Şäher bilen bäsleşýän obalarymyzyň ajaýyp keşbi göreni haýran galdyrýar. Ildeşlerimiziň döwrebap binalarda zähmet çekmekleri ugrunda edilýän aladalar, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üns merkezinde saklanylmagy halkymyzyň Arkadagymyza bolan söýgüsini, hormatyny has-da beýgeltdi. Ýaşajyk körpelerden başlap, ýaşuly nesillerimize çenli ähli adamlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryna guwanýarlar we goldaýarlar. Ýaşlar guramasynyň hünärmeni hökmünde bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Ýaşlaryň arasynda geçirýän çärelerimizde  ýaşlar milli Liderimiziň adyna özleriniň hoşallyklaryny çykyşlarda aýdym-sazlaryň, goşgularyň üsti bilen beýan edýärler. Özleriniň Arkadagymyza bolan söýgüsini, hoşallyklaryny çykyşlaryndan buýsanç bilen beýan edýärler.

           Ýetip gelýän 2022-nji ýylyň „Halkyň Arkadagyly zamanasy“ diýlip atlandyryljakdygyny eşidenimizde bolsa biziň begenjimiz, şatlygymyz goşalandy. Biz bu şygary ak ýürekden goldaýarys. Biz gatnaşýan çärelerimizde, maslahatlarymyzda halkymyzyň hem bu şygary ak ýürekden goldaýandyklarynyň şaýady bolduk. Biz ähli üstünliklere Arkadagymyz bilen ýetdik. Biz ähli ajaýyp pursatlara Arkadagymyzyň saýasyndan şaýat bolduk. Sebäbi biz Arkadagly döwürde ýaşaýarys. Täze „Halkyň Arkadagyly zamanasy“ ýylynyň has-da üstünliklere, ösüş-özgertmelere baý boljakdygy bolsa bizi birjikde ikirjeňlendirmeýär. Ajaýyp şygarly ýylymyz ählimize bagt, şatlyk, üstünlik we saglyk eçilsin! Gahryman Arkadagymyzyň belent başy elmydama aman bolsun!

Şöhrat Kadyrow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň bölüm müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: