YKDYSADYÝET

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän benziniň täze görnüşine sertifikat gowşuryldy  

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän täze önüm — «B-92» awiabenzini  «Türkmenstandartlary» döwlet gullygynyň sertifikatyny aldy.

Öndürilip başlanmazyndan ozal täze önüm zawodlar toplumynyň ýokary oktanly benzin öndürmek boýunça meýdançasynda synagdan geçirildi. Şondan soň awiabenzin ulanylmaga ýaramly diýlip ykrar edildi.

Ýangyjyň täze görnüşi «An-2» kysymly we şoňa meňzeş uçarlarda ulanylýar. Onuň öndürilişini ýurduň awiatorlarynyň haýyşy boýunça ýola goýdular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: