YKDYSADYÝET

Ahal welaýatynyň maldarlary-da gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar

Bäherden etrabynyň  daýhan birleşiklerde gyş üçin bol ot-iým goruny döretmek maksady bilen saman hem-de bede taýýarlamakda işlerini netijeli alyp barýarlar. Işiň hiline we mukdaryna aýratyn üns berýärler. Häzirki wagta çenli etrabyň «Mürçe» daýhan birleşiginde 33 tonna, «Ýeňiş» daýhan birleşiginde 216 tonna hem-de Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginde 775 tonna, Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde hem 612 tonna ot-iým gorlary taýýarlanyldy. Taýýarlanan ot-iýmlik bedeler daýhan birleşiklerine degişli bolan maldarçylyk hojalyklaryna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: