YKDYSADYÝET

Türkmenistan: «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyry gurlar

Şu aýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişiler.

Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 1 million tonna barabar bolar. Kärhanany «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bina ederler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny, demir ýollary gurmak şertinde bu jemgyýet bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Ony 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

«Lebap» sement zawodynyň birinji tapgyry 2013-nji ýylyň fewral aýynda ulanylmaga tabşyrylypdy. Şondan bäri kärhana ýurdumyň gurluşykçylaryny ýokary hilli sement bilen üpjün edip gelýär. Onuň önümleri daşar ýurtlara hem eksport edilýär. Zawodyň nobatdaky tapgyrynyň işe girizilmegi onuň eksport mümkinçiliklerini has artdyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: