YKDYSADYÝET

Türkmenistan «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalarynyň ýene bir tapgyryny satyn alar

 Türkmenistan «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalaryny satyn almagyny dowam etdirer. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň Karary bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2022-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda «John Deere» kompaniýasynyň öndüren  traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary giňden ulanylýar. Nobatdaky geleşik pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: