YKDYSADYÝET

«Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň gurluşygyna owgan kompaniýasy çekiler

Türkmen tarapy «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň gurluşygyna Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasyny çeker.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konsernine bu kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Owgan tarapynyň üstüne Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedinde açyk paýlaýjy desgalaryň taslama, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama, synag we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek ýüklenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: