YKDYSADYÝET

Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksporta ugradýarlar

Lebap welaýatynda işini alyp barýan telekeçiler ýylyň başyndan bäri senagat önümleriniň 6 million 776 müň amerikan dollarlygyna ýakynyny daşary ýurtlara eksport etdiler. Milli pulda iberilen harytlaryň bahasy 23 million 715 müň manatdan geçdi.

Izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýatorlar, geýim-gejimlik nah pagta, senagat garyndy suwuklygy eksporta ugradyldy. Türkmenistanly telekeçileriň önümlerine Özbegistanda, Türkiýede, Belarusda, Owganystanda, Gyrgyzystanda, Gruziýada, Azerbaýjanda we Hytaýda isleg bildirdiler.

Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda suwuk bitum mastikasy durýar. «Berk gerden» hususy kärhanasynyň öndürýän bu önümi 2 million 380 müň amerikan dollaryna ýakyn girdeji getirdi. Ony Özbegistanyň we Owganystanyň işjeňleri satyn aldylar.  Telekeçi Suhrab Durdyýew tarapyndan Türkiýä iberilen «Prima» görnüşli geýim-gejimlik nah pagtanyň umumy bahasy bolsa ABŞ-nyň 1 million 805 dollaryna sähel ýetmedi.

Geçen on aýyň görkezijileri lebaply telekeçileriň daşary ýurt bazarlaryny ynamly özleşdirýändiklerine şaýatlyk edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: