JEMGYÝET

Lebaply atşynasa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany permany bilen atşynaslaryň bir toparyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Şamurat Gündogdyýew hem bar.

Permanda adyň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin dakylýandygy barada aýdylýar. Ahalteke atlary türkmen halkynyň baýlygy we guwanjy, gözelligiň nusgasy hasap edilýär. Olary ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek bilen atçylyk toplumlaryndan başga-da, hususy sektorda hem meşgullanýarlar.

Şamurat Gündogdyýew Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde ýaşaýar. Onuň özüniň aýtmagyna görä, soňky otuz ýylyň dowamynda şahsy hojalygynda at saklaýar. Häzir onuň athanasynda Orwit we Gökje atly iki sany bedew bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: