TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan ilkinji gezek Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň forumyna gatnaşdy

10-njy oktýabrda Koreýa Respublikasynyň Kýonju şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Bütindünýä mirasynyň şäherleri guramasynyň dördünji forumy öz işine başlady.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin göze görnüp duran we maddy däl medeni mirasy ulanmak sebitleýin maslahatyň mowzugy boldy.

Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Indoneziýa, Eýran, Şri-Lanka, Wýetnam, Ýaponiýa ýaly Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu çärä Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: