TÜRKMENISTAN HABARLARY

Meşhur gülaby Birleşen Arap Emirliklerine iberildi

Türkmen gawunlarynyň meşhur görnüşleriniň biri bolan gülaby gawunlary ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde satylyp başlanar, diýip «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Gawunlaryň bu görnüşi dostlukly döwlete «Miweli ülke» hususy kärhanasy tarapyndan eksport edildi. Türkmen gawunlarynyň eksportunyň ilkinji tapgyrynyň Dubaý şäherinde uly gyzyklanma eýe boljakdygyny ynam bildirilýär. Eksporta goýberilen gawunlar Serdar etrabynda ösdürilip ýetişdirildi. Ekin meýdanynyň her gektaryndan gülabynyň 25 ― 35 tonnasy ýygnalyp alyndy. Eksport üçin gülaby gawunlarynyň saýlanyp alynmagy bolsa, onuň uzak ýola äkidilende, durumly bolmagy bilen baglydyr.

Ýeri gelende aýtsak, «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti hem ýakynda 18,5 tonna gawuny Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine eksport etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: