Lukmanlar döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde Saýat we Dänew etraplarynda durky düýpli täzelenilen hassahanalar işe girizildi. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen abzallaşdyrylan hassahanalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy lebaplylarda çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi.
Lebap welaýat häkimliginde Dänew we Saýat etraplarynda durky täzelenen hassahanalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty boldy.
Oňa welaýat, Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, durky täzelenen, mümkinçilikleri gowulandyrylan etrap hassahanalary 10-njy oktýabrda ― Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli açylyp, ulanylmaga berildi.