TÜRKMENISTAN HABARLARY

Döwlet münberiniň açylyşynda dronlaryň şüweleňi görkezildi

6-njy sentýabrda geçirilen Döwlet münberiniň açylyş dabarasynyň dowamynda guralan baýramçylyk dabarasyny dronlaryň şüweleňi hem-de feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bezedi. Bu ýerde aýdym-sazlar, joşgunly tanslar döwrebap enjamlar hem-de sanly tehnologiýalar arkaly döredilýän täsin şekiller we ajaýyp görnüşler bilen utgaşdy. Aşgabadyň arassa asmanynda Türkmenistanyň milli gymmatlyklarynyň, döwlet nyşanlarynyň şekilleri peýda boldy.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymy ýaňlandy. Köpöwüşginli çykyşlar soňky döwürde baýramçylyk dabaralarynyň esasyny düzýän dronlaryň şüweleňiniň ýatdan çykmajak pursatlary döredýändigini görkezdi. Innowasion tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda medeniýet we sungat ugurlaryna içgin ornaşýar.

Dronlaryň şüweleňiniň feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bilen utgaşmagy Döwlet münberi toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan çäreleriň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyny şertlendirdi. Baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, dabaranyň ajaýyp pursatlaryna öwrüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: