YKDYSADYÝET

Türkmenistan Hytaýa barýan gaz geçirijisini dördünji şahasyny geçirmekçi

Bu barada Türkmnenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadyn» gaz ýygnaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Bu dostlukly ýurda iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre çenli köpeltmäge mümkinçilik berer.

«Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan –Hytaý» gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilipdi. Üç şahaly gaz geçirijisi ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär. Ol işe girizileninden bäri Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberidli.

«Gadyn» gaz ýygnaýjy desgasy 18-nji iýunda — Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatynda toý saparynda bolan güni açyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: