YKDYSADYÝET

Durky täzelenen ýangyç guýýan beket ulanylmaga tabşyryldy

Murgap etrabynyň merkezine ýanaşyk ýerde awtoulaglara ýangyç guýýan, durky düýpli täzelenen beket ulanylmaga tabşyryldy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň bu bekedinde sürüjiler awtoulaglaryna benziniň «A-80», «A-92», «A-95», «ECO-93» görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Ol her gije-gündizde 650 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: