Şu gün Lebap welaýatynda orta mekdebi tamamlan uçurymlara şahadatnama gowşurylýar

Şu gün Lebap welaýatynda orta mekdebi tamamlan uçurymlara şahadatnamalaryň gowşurylyş dabaralary geçirilýär.

Tamamlanan okuw ýylynda welaýatyň orta mekdeplerini okuwçylaryň 19 müň 300-den gowragy tamamladylar. Bu geçen ýylkydan 1 müň 800 töweregi okuwçynyň orta mekdepleriň gapysyny terk edýändigini aňladýar.

Indi olaryň öňlerinde ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglary dur. Uçurymlara başlangyç hünär okuw mekdeplerinde hem, edaralarda, kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, hususy sektorda hem garaşýarlar.

Lebap welaýatynda orta mekdepleriň 383 sanysy hereket edýär. Geçen okuw ýylynda olarda 313 müň 370-den gowrak okuwçy okady. Olarda 18 müň 500-den gowrak mugallym bilim berdi. 2022–2023-nji okuw ýylynda umumybilim berýän mekdepleriň 1-nji synpyna körpeleriň 31 müň 698-siniň gelmegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector