JEMGYÝET

Türkmenistan — dünýäniň iň rahat ýurdy

Gellapyň (Gallup) Halkara barlag institutynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler. Olar kanunyň we tertip düzgüniň berjaý edilişiniň indeksini düzdüler we onuň netijesinde Türkmenistan iň howpsuz ýurt diýen pikire geldiler. Bu barada «Turkmenportal» ýazýar.
Munda Türkmenistan Singapur bilen bilelikde 97 bal gazandy we Gellapyň reýtinginde bu iki ýurt birinji orny eýeledi.
94 bal alan Hytaý üçünji orny eýeledi. Şonuň ýaly-da, iň howpsuz ýurtlaryň onlugyna Ispaniýa, Kuweýt, Norwegiýa, Şweýsariýa, Özbegistan we BAE girdiler.
Bu reýting geçen ýylda edilen ogurlyklaryň, hüjümleriň we talaňçylyklaryň ýygylygynyň, şonuň ýaly-da, adamlaryň ýerli polisiýa bolan ynamy, olaryň şahsy howpsuzlygyny duýuşlary barada beren maglumatlarynyň esasynda düzüldi. Baha näçe ýokary boldugyça, özüni howpsuz duýýanlygy barada habar berýän ilatyň sany hem köp.
43 bal alan Owganystan, 52 bal alan Gabon, 54 bally Wenesuela we Liberiýa, 57 bally Günorta Afrika iň howply ýurtlar diýlip yglan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply