JEMGYÝET

Modeller öýünde baýramçylyk çäresi geçirildi

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýünde baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dabara Dokma senagaty ministrliginiň paýtagtymyzda ýerleşýän edara-kärhanalarynyň dokmaçylary, halyçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde goşgular okalyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de, bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli matalardan taýýarlanan çaga eşikleriniň, ulular üçin lybaslaryň görkezilişi boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: