YKDYSADYÝET

Balkan welaýatynda täze elektrik stansiýasy gurlar

10-njy martda geçirilen hökümet maslhatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky teklibi makullady.

Bu ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberiniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlarynda türkmen elektrik energiýasyna islegleriň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, goşmaça energiýa kuwwatlyklaryny döretmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: