Lebap welaýatynda orta mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlaýarlar

Şu günler Lebap welaýatynda orta mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Orta mekdepleriň synp otaglarynda, kitaphanalarynda, sport zallarynda we meýdançalarda gurluşyk-abatlaýyş işleri talabalaýyk geçirilýär. Mekdepleriň howlularynda, ýanýodalarynda asfalt örtükleri çalşyrylýar, yşyklandyryş ulgamy abatlanylýar.

Welaýatda umumy bilim berýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 387-si hereket edýär. 2021—2022-nji okuw ýylanda olarda oglanlaryň we gyzlaryň 313 müňden gowragy bilim aldy. Täze okuw ýylynda orta mekdepleriň üsti ýene-de bir mekdep bilen ýetiriler. Saýat etrabynyň Esgi geňeşliginde onuň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector