JEMGYÝET

«STT» hususy kärhanasynda önümçiligiň depgini artýar

Lebap welaýatynyň çäginde hereket edýän «STT» hususy kärhanasynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini ep-esli artdy.

Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 1 müň 300-den gowrak demir-beton plitasy, 107,5 müň tonna hek, 444 sany hek önümi, 102 müň 800 gipskarton listleri, 4 müň 540 tonnadan gowrak gips öndürildi. Demir beton önümleri boýunça bu görkeziji  geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, 3,77 esse ýokarydyr. Has takygy geçen ýylyň dokuz aýynda öndürileninden 957 sany köpdür.

Beýleki görkezijiler boýunça hem ýokary netijeler gazanyldy. Mysal üçin, hekiň çykarylyşy iki essä ýakyn köpeldi,  2233 sany gipskarton listleri, 1 müň 200 tonna ýakyn gips  geçen ýylkysyndan köp öndürildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: