TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sekizinji mejlisine gatnaşd

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) sekizinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

«Sanly döwürde ýaşyl tehnologiýalar we akylly şäherler» şygary astynda geçýän nobatdaky mejlise Türki geňeşiň agza-döwletleri we Baş sekretary, şeýle-de bu Guramada synçy döwlet bolan Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Ýokary derejeli duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi.

Ýokary derejeli duşuşygyň jemleri boýunça «2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy» tassyklanyldy, Türkmenistanyň Geňeşe synçy-döwlet hökmünde kabul edilmegi baradaky çözgüt kabul edildi. Mundan başga-da, hyzmatdaş-ýurtlaryň hem-de synçy-döwletleriň derejeleri kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda şeýle-de oňa gatnaşyjylar 8-nji Sammitiň jemleýji resminamasyny – Stambul jarnamasyny kabul etdiler, şonuň ýaly-da türki dilli döwletleriň bileleşiginiň çäklerinde köpugurly gepleşikleriň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjek ähmiýetli resminamalaryň ençemesine seredip geçdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: