MEDENIÝET

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň taryhy ýadygärliklerinde boldular

Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşýan ýazyjylar, şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri taryhy ýadygärliklerde boldular.
Olar Amul galasynda, Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän Daýhatyn kerwensaraýynda, Kerki etrabynyň çägindäki Allamberdar we Astanababa aramgählerinde boldular. Myhmanlar bu taryhy ýadygärlikleriň döreýiş taryhy, onuň öz döwründe tutan orny, sebitiň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýeti, ýerine ýetirilen we dowam edýän dikeldiş işleri bilen tanyşdylar.
Myhmanlara Amyderýanyň iki kenaryny etekläp oturan sebitdiň çäginde 20-den gowrak taryhy ýadygärlikler saklanyp galandygyny, olarda geçirilen ylmy-barlag we dikeldiş işleri gürrüň berdiler. Aýratyn hem, soňky ýyllarda Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň uly toplumynyň geçirilendigini bellediler.
Kerki şäherinde ýazyjylar bilen ýaşaýjylaryň duşuşygy geçirildi. Onda myhmanlar häzirki zaman türkmen edebiýaty, döredilýän eserler barada gürrüň berdiler we özleriniň goşgularyny okadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: