TÜRKMENISTAN HABARLARY

Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy onlaýn görnüşinde geçiriler

4-nji oktýabrda her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy öz işine başlar, diýip «Türkmenistan Altyn asyr» saýty ýazýar.

Şu ýyl çäre «Pandemiýadan soň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly dikeldiş» ady bilen geçiriler. Duşuşygy onlaýn düzgünde USAID Agentligi guraýar. Bäş iş gününe niýetlenen forumda mejlisleriň onusy we iki tegelek stol geçirilip, ol 8-nji oktýabrda tamamlanar.

Forumyň çäklerinde «COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde söwdaky ugurlar» duşuşygy we dünýädäki ekologiýa ýagdaýy durnuklaşandan soň Merkezi Aziýada telekeçiligi goldamaga bagyşlanan tegelek stol geçiriler. Syýahatçylyk senagatyny dikeltmäge hem-de sebitde söwda we üstaşyr ýük geçirmeler bilen baglanşykly meseleleri sanly usullar arkaly çözmäge bagyşlanan duşuşyklar guralar. Şonuň ýaly-da, Merkezi Aziýada suw durnuklylygy, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine maýa goýumy, ykdysadyýetiň ulag we logistika ýaly ugurlarynyň sanly geljegi barada söhbetdeşlik geçiriler. Aziýa yklymynda sebit gatnaşyklaryna bagyşlanan mejlis geçiriler, elektron kommersiýa temasy ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň ahyrky güni MA ýurtlarynyň gök-miwe pudagynda bäsdeşligi ösdürmäge we sebitde ekologiýa ýagdaýy gowulanandan soň telekeçilikde zenanlaryň hem-de ýaşlaryň tutýan ornuna bagyşlanan temalara garalar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: