JEMGYÝET

Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanly kartasy düzülýär

16-njy noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar baradaky döwlet agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamy barada jikme-jik maglumatlary bolan sanly ulgamdaky kartasyny düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dünýä tejribesinde degişli desgalar barada geografik maglumatlary ýygnamak, saklamak, seljermek we grafik taýdan görmek üçin amatly görnüşe getirilen Geografik-maglumatly ulgamlaryň (GIS) giňden ulanylýandygy habar berildi. Bu ulgam degişli ýer bölekleriniň sanly kartasy görnüşinde bolup, onda desgalar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň garamagyna ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini, möhüm awtoulag we demir ýollaryny, hyzmat ediş nokatlaryny, halkara howa menzillerini hem-de olaryň ýük terminallaryny işjeňleşdirmek maksady bilen, sanly GIS kartasyny düzmek baradaky teklibi hödürledi. Ol ýangyç guýmak mümkinçilikleri, deňiz portlary, poçta bölümleri, logistika merkezleri we howa menzilleri, serhet geçelgeleri hem-de gümrük amallarynyň ýerine ýetirilýän nokatlary baradaky jikme-jik maglumatlary özünde jemlär.

Hasabaty diňläp, türkmen Lideri sanly kartany düzmek baradaky teklibi makullady hem-de bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: