JEMGYÝET

Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň onlaýn kursy geçirilýär

Türkmenistanyň hususy bilim edaralarynyň wekilleri üçin Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) «Sanly marketing we satyşlar» atly okuwy başlandy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Iň gowy halkara tejribelerine esaslanan bu 6 günlük onlaýn okuw internetde bilim beriş hyzmatlaryny ösdürmegiň täsirli gurallary bilen tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanypdyr.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu okuwy iki sany tejribeli hünärmen — web-işläp düzme we elektron söwda boýunça maslahat beriş ulgamynda üstünlikli iş alyp barýan IT şereketleriniň eýeleri Artýom Kriwtsow we Ýewgeniý Inžeýew geçirýär. Geçilen materialy has gowy özleşdirmek üçin, tälimçiler amaly tabşyryklar bererler.

Okuw materiallary CEFE (Serbiýa) bilen hyzmatdaşlykda «APPLICATIO Training & Management» (Germaniýa) tarapyndan işlenip düzüldi.

Okuwyň birinji moduly şu gün tamamlanar, ikinjisi bolsa 24-25-nji noýabrda geçiriler. Okuwyň üçünji bölümi 2021-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: