YKDYSADYÝET

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň hasabat berendigidi barada «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: