YKDYSADYÝET

Mary welaýatynyň maldarlary gyşky möwsüme taýýarlyk görýärler

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynda häzire çenli 1453 tonnadan gowrak meýdan oty taýýarlanyp, dowarlaryň gyşladyljak öri meýdanlaryna eltilip goýuldy, diýip «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Bu hojalykda öňümizdäki gyş pasly üçin 2 müň 643 tonna ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak meýilleşdirilipdir. Şu günler alnyp barylýan işleriň depgini ot taýýarlaýjylaryň bu wezipäniň hötdesinden geljekdiklerinde habar berýär.

Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynyň ählisinde hem döwlet eýeçiligindäki mallar üçin gyş döwrüne niýetlenip, ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu derwaýys işe ýeterlik adam güýji we tehnika çekildi. Ýöriteleşdirilen ot-iým taýýarlaýjylar toparlary döredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: