YKDYSADYÝET

Ýylda «Daz» haryt nyşanly joraplaryň 20 million jübüti öndürilýär

Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» hususy kärhanasynyň jorap önümçiligi bölüminde şu ýylyň geçen alty aýynda joraplaryň 150-den gowrak täze görnüşini öndürdiler. 

«Daz» haryt nyşany bilen satuwa goýberilýän joraplar içerki sarp edijilerden artan bölegi Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär. Dokmaçylyk bilen meşgullanýan bu hususy kärhananyň agzybir işgärleriniň zähmetiniň netijesinde ýylyň dowamynda 20 million jübüt jorap öndürilýär. Türkmen pagtasyndan öndürilýän çagalar, ýetginjekler, erkekler we zenanlar üçin niýetlenen dürli görnüşdäki we ölçegdäki joraplara isleg gün-günden artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: