YKDYSADYÝET

«Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde kompozit armaturasy öndürilip başlandy

Aýna owuntyklaryndan gurluşykda ulanylýan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Algap» hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümiň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturasynyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: