JEMGYÝET

Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy

Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylmaly çäreleriň ylmy esaslaryny işläp düzmek, ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologik usullaryny ulanmagy kämilleşdirmek, ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmek we hasaba almak göz öňünde tutulýar, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda daşary ýurt hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen ylmyň öňdebaryjy tejribeleri boýunça okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň taslamasyna laýyklykda, ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ýurtda ösümlikleri kesellerden, zyýankeşlerden, haşal otlardan ygtybarly gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň degişli taslamasy hödürlenildi.

Resminama «Ösümlikleri goramak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: