YKDYSADYÝET

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ösüş depgini artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň geçen on bir aýynda gelip gowşan 4 million 512,5 müň tonnadan hem gowrak nebitiň 4 million 483,5 müň tonna golaýy gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi.

Kärhana boýunça taýýarlanylan awtoulag benzininiň dürli görnüşleriniň umumy möçberi bolsa 1 million 400 müň tonnadan geçdi we bellenilen meýilnama 115 göterime golaý amal edildi. Zawodlar toplumynda şu döwürde kerosin öndürmegiň meýilnamasy 110,7 göterim, çalgy ýaglarynyňky 104,7 göterim, suwuklandyrylan gazyňky 119,8 göterim ýerine ýetirildi. Nebit bitumy boýunça tabşyrygyň 1,5 esseden hem köp amal edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: