JEMGYÝET

Lebap welaýatynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy guramaçylykly dowam edýär

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» atly şygar astynda geçirilýän ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy guramaçylykly dowam edýär.

Bu çärä ýokary derejede taýýarlykly gelinendigi şu günki işleriň netijeli alnyp barylmagyny şertlendirdi. Welaýatyň ýaşaýjylary ýazuwa işjeň gatnaşýarlar we sanaýjylaryň soraglaryna doly we dogry jogap berýärler.

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Sanaýjylaryň ählisi Türkmenistanda öndürilen planşetler bilen üpjün edildi we ýazgylar elektron görnüşinde alnyp barylýar. Bu bolsa işiň çalt we ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: