Lebap welaýatynyň hojalyklarynda gowaça ekişine badalga berildi. Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde geçirilen maslahatdan soň ýaşulularyň ak pata bermegi bilen tehnikalar atyza girdiler.

Maslahatda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak, iş döwründe tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, tohumy agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ekmek we beýleki meselelere seredildi.

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bu döwürde ulanyljak tehnikalaryň ählisi abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Olardan daşary bu ýyl «Monosem NG Plus 4» kysymly takyk ekijiler hem gelip gowuşdy. Olar geçen ýylyň gowaça ekiş möwsüminde Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda synagdan geçirildi we ýerli howa şertlerinde ýaramlydygy ýüze çykaryldy. Bu ekiji bir bada sekiz hatara agrotehnikanyň talap edýän çuňlugyna we takyk aralyga tohum taşlaýar hem-de topragy zerur bolan derejede dykyzlaýar. Ol ýeriň relýefini takyk yzarlamak bilen tohumyň doly gögerip çykmagyny üpjün edýär.

Şu möwsümde Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: