«Owadan ülke» kärhanasy önüminiň sanyny köpeltdi
«Owadan ülke» zawodynda 25 we 40 göterim ýaglylykly maýoneziň önümçiligi ýola gýoluldy. Alyjylara ol «Hazyna» söwda nyşany bilen ugradylýar.
Şonuň ýaly-da, kärhanada «Nur» we «Mylaýym» söwda belgili kakaoly we tokaý hozly tebigy desert pastasyny, şeýle-de «Nur» we «Hazyna» söwda belgili sary ýag hem öndürip başladylar.
Bu ýerde tokaý iýmişerinden we miwelerden dürli jemleri, gök önümleri hem gaplaýarlar. Netijede söwda nokatlaryna ýigrimiden gowrak görnüşli konserwirlenen önümleri söwda nokatalryna iberýärler.