YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda 107,8 göterim ösüş depgini gazanyldy

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň geçen bäş aýynda unuň jemi 19932 tonnasy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,8 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Öndürilen şonça önümiň 6591 tonnasy ýokary hilli, 13341 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Bulardan başga-da kärhanada kepegiň 6 müň tonnadan gowragy, bugdaý ýarmasynyň 80 tonnasy öndürildi. Bu görkezijiler boýunça hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende degişlilikde 108,8 we 131,1 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada häzirki günlerde esasy işler bilen birlikde täze galla hasyly bökdençsiz kabul edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: